Britaniýada Käbir Miwe we Bakja Önümleriniň Satuwy Çäklendirildi

Çäklendirme belli marketler tarapyndan girizildi.

1950004
Britaniýada Käbir Miwe we Bakja Önümleriniň Satuwy Çäklendirildi

Britaniýanyň super marketler tory “Asda” we “Marrisons” Demirgazyk Afrikadan we Ispaniýadan ter miwe we bakja önümleriniň üpjünçiligindäki bökdençlikler sebäpli käbir önümleriň satuwuna çäklendirme girizdi.

“Asda” pomitor, burç we kelem ýaly önümleriň her bir müşderä üç sany bilen çäklendirilendigini habar beren bolsa, “Marrisons” dünden başlap dükanlarynda hyýar we başga-da birnäçe önümiň satuwyndaky çäklendirmäniň her bir müşderi üçin iki sany boljakdygyny habar berdi.

Ýurduň beýleki uly super market tory “Tesko”, “Sainsbury”, “Lidl”, “Aldi”, “Waitros” we “Mark&Spenser” haýsydyr bir çälendirme girizmedi.

Müşderileriň käbir önümleri tapmakda kynçylyk çekýändigi habar berilip, boş market tekjeleriniň suratlary sosial mediada paýlaşylýar.



Degişli Habarlar