Sergeý Lawrow we Wan I Moskwada duşuşyk geçirdiler

Wan I bolsa ikitaraplaýyn bähbitleri gyzyklandyrýan meseleler boýunça pikir alyşmaga taýardyklaryny belläp: "Täze ylalaşyklar baglaşmaga garaşýaryn" diýip nygtady

1950140
Sergeý Lawrow we Wan I Moskwada duşuşyk geçirdiler

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Hytaýyň iň tejribeli diplomaty, Hytaýyň Komunist partiýasynyň Merkezi Daşary gatnaşyklar komissiýasynyň direktory Wan I bilen duşuşyk geçirdi. 

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen duşuşykdan ozal beýanat beren Lawrow, Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň durnukly we dinamiki häsýetde dowam edýändigini habar berdi. 

Şol gatnaşyklaryň dünýä sahnasyndaky ýokary turbulentlige garamazdan özgerýändigini aýdan Lawrow: "Halkara hukuga hormat we BMG-nyň merkezi roly esasynda, raýdaşlyk we biri-birimiziň bähbitlerini goramak üçin hereket etmäge taýardygymyzy görkezýäris" diýip mälim etdi. 

Lawrow Wan Ini Hytaýyň Komunist partiýasynyň Merkezi Daşary gatnaşyklar komissiýasynyň direktory wezipesine bellenmegi bilen gutlap: "Täze wezipäňizdäki işleriňiziň Russiýa-Hytaý strategik we köp taraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dowamlylygyny has hem güýçlendirjekdigine ynanýaryn" diýip belledi. 

Wan I bolsa ikitaraplaýyn bähbitleri gyzyklandyrýan meseleler boýunça pikir alyşmaga taýardyklaryny belläp: "Täze ylalaşyklar baglaşmaga garaşýaryn" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #Moskwa , #Hytaý , #Russiýa

Degişli Habarlar