ABŞ-da Kaskad dag gerşinde harsaň apaty başdan geçirildi

ABŞ-nyň Waşington ştatyndaky Kaskad dag gerşinde harsaň apatynyň başdan geçirilmegi netijesinde 3 alpinist ýogaldy

1950007
ABŞ-da Kaskad dag gerşinde harsaň apaty başdan geçirildi

Resmiler 6 alpinistden ybarat toparyň geçen hepdäniň ahyrynda Sietl şäheriniň 113 km gündogarynda 2 müň 653 metr belentlikdäki Kolçak dagyna çykandygyny habar berdiler. 

Şol alpinistleriň 3-siniň harsaň apatynyň başdan geçirilmegi netijesinde ýogalandygyny aýdan resmiler, beýleki 3 alpinistiň bolsa gözleg we halas ediş toparlar tarapyndan halas edilendigini mälim etdiler. 

Ady agzalan waka 2 ýyl ozal Ýuta ştatynda başdan geçirilen harsaň apatynda 4 alpinistiň ýogalmagyndan bäri "ABŞ-daky iň ganly harsaň" hökmünde hasaba alyndy. 


Etiketkalar: #alpinist , #harsaň , #ABŞ

Degişli Habarlar