Russiýa Türkiýä Kömek Bermäge Dowam Eder

Peskow, ýer titremeleri sebäpli Russiýanyň Türkiýä berýän kömegini dowam etdirjekdigini aýtdy.

1945133
Russiýa Türkiýä Kömek Bermäge Dowam Eder

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, “asyryň betbagtçylygy” hökmünde häsiýetlendirlen 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleri sebäpli Russiýanyň Türkiýä berýän kömegini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Peskow, paýtagt Moskwada beren beýannamasynda, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň, Prezident R. T. Erdogana gynanç ýüzlenmesini ugrandygyny ýatlatdy.

Russiýanyň tebigy apat sebäpli Türkiýä berýän kömegine ünsi çeken Peskow, “Russiýa ýer titremeleri sebäpli uly ýitgi çeken Türkiýä ähli taraplaýyn kömek bermäge dowam eder” diýdi.

Peskow, Russiýanyň güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleri sebäpli uly ýitgi çeken Siriýa hem ynsanperwer kömegini berýändigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar