Pakistan Türkiyä we Siriýa ynsanperwer kömek ugratdy

Çärä Pakistanyň Bilim ministri Rana Tanwir Hüseýin, Türkiyäniň Lahor şäherindäki Baş konsuly Emir Özbaý we beýleki resmiler gatnaşdylar

1945298
Pakistan Türkiyä we Siriýa ynsanperwer kömek ugratdy

Pakistandan Asyryň Betbagtçylgy hökmünde häsýetlendirilen 6-nji fewralda başdan geçirilen we güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeler sebäpli Türkiyä we Siriýa gara ýoly arkaly ynsanperwer kömek daşaýan ýük ulaglary ýola çykdylar. 

Milli Apat dolanşygy agentliginden berilen beýanata görä, Türkiyä we Siriýa ugradyljak ynsanperwer kömek bilen doldurylan ýük ulaglary üçin Lahorda çäre geçirildi. 

Çärä Pakistanyň Bilim ministri Rana Tanwir Hüseýin, Türkiyäniň Lahor şäherindäki Baş konsuly Emir Özbaý we beýleki resmiler gatnaşdylar. 

Eýranyň üsti bilen Türkiyä geljek we düzüminde çadyrlar we ýorgan-düşekler bolan 16 ýük ulagynyň 10 günüň içinde ýer titremäniň başdan geçirilen sebitlere baryp ýetmegine garaşylýar. 

Pakistan 7-nji fewraldan bäri Türkiyä goldaw maksatly 10 uçar ugradypdy. Şol ynsanperwer kömekler 1-i Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň, 3-si Pakistanyň Harby-howa güýçleriniň we 6-sy Pakistanyň Halkara howa ýollary kärhanasyna degişli uçarlar bilen daşalypdy. 

Türk howa ýollaryna degişli ýük uçary hem 75 tonnalyk ynsanperwer kömek bilen Türkiyä tarap ýola çykdy. 

Pakistanly resmiler gury ýer we deňiz ýollar arkaly ynsanpwer kömekleriň ugradylmagy üçin işleriň dowam edýändigini habar berdiler. 

Resmi Yslamabad ýurt derejesinde döwlete degişli mekdeplerde ynsanperwer kömekleriň ýygnalmagy barada karara gelipdi. 

Ministrler kabinetiniň ähli agzlarynyň bir aýlyklarynyň we ähli döwlet işgärleriniň 1 günlik aýlyklarynyň döredilen döwlet gaznasyna berilmegi barada karara gelinipdi. 



Degişli Habarlar