ABŞ Siriýa Goýulan Sanksiýany 180 Gün Möhlet Bilen Bes Eder

ABŞ 6-njy fewralda Siriýada-da agyr ýitgilere sebäp bolan Kahramanmaraşdaky ýer titremesinden soň ýurda ugradylýan kömeklere rugsat bermek üçin sanksiýalaryň 180 gün möhlet bilen bes ediljekdigini habar berdi.

1944818
ABŞ Siriýa Goýulan Sanksiýany 180 Gün Möhlet Bilen Bes Eder

ABŞ-nyň Gazna ministrliginden berilen beýannamada Daşary ýurt emlaklerine gözegçilik ofisi tarapyndan Siriýa üçin ýer titremesine kömek maksady bilen degişli ähli operasiýalara rugsat berýän umumy lisenziýanyň çap edilendigi habar berilýär.

Beýannamada şol umumy lisenziýada Siriýa sanksiýalar düzgünnamasyna görä gadagan bolan ýer titremesi kömegi bilen bagly işlere 180 gün möhlet bilen ýeňillik giriziljekdigi bellenilýär.

ABŞ-nyň sanksiýa maksatnamalarynyň kanuny ynsanperwer kömekleri çäklendirmeýändigi, döredilen ýeňilligiň ABŞ-nyň dowam edýän ýer titreme apatynda Siriýanyň halkyny goldama kepilligini görkezýäňdigi nygtalýar.

Beýannamada; “Sanksiýalaryň ýeňilleşdirilmegi Siriýanyň hökümetiniň uzak ýyllardan bäri dowam edýän konstruktiw bökdençliklerini we rehimsiz çemeleşmelerini ortadan aýyrmaýan hem bolsa, bu tebigy apatdan soň zerurlyk duýulýan kömegi bökdemezligini üpjün eder” diýilýär.



Degişli Habarlar