Pakistan, Türkiýä Kömek Bermäge Dowam Eder

Şerif “Iki döwlet bir millet hökmünde ýaşaýan biz hemişe türk doganlarymyza goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

1944695
Pakistan, Türkiýä Kömek Bermäge Dowam Eder

Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif, güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremesini “asyryň tebigy apaty” hökmünde häsiýetlendirip, “Iki döwlet bir millet hökmünde ýaşaýan biz hemişe türk doganlarymyza goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Premýer-ministr Şerif, 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan we 10 welaýatda duýulan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesinden soň türk dilinde Twitterden beren habarnamasynda “Hökümetimiz, Türkiýe üçin ýurduň çar tarapynda ynsanperwer kömek kampaniýasyny başlatdy. Şol kampaniýa, işewür adamlarymyz, alymlarymyz we bilim guramalarymyz goldaw berer. Pakistan agyr günleri başdan geçirýän Türkiýä kömek bermäge dowam eder” diýdi.

Şerif, ýerli ýolbaşçylar bilen bolan duşuşygynda Türkiýede ýer titremesi sebäpli ejir çekenler üçin başladylan milli ynsanperwer kömek kampaniýasyna goldaw bermeklerini isländigini belledi.



Degişli Habarlar