ABŞ Türkiýä Ähli Taraplaýyn Kömek Bermäge Taýar

Jeýk Salliwan Türkiýede bolan ýer titremesi sebäpli ABŞ-nyň ähli taraplaýyn kömek bermäge taýardygyny mälim etdi.

1942226
ABŞ Türkiýä Ähli Taraplaýyn Kömek Bermäge Taýar

Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekisi Jeýk Salliwan Türkiýede bolan ýer titremesi sebäpli ABŞ-nyň ähli taraplaýyn kömek bermäge taýardygyny mälim etdi.

Salliwan, Kahramanmaşaryň Pazarjyk etrabynda bolan we goňşy welaýatlarda hem duýulan 7,4 bal ululygynda ýer titremesi barada ýazmaça beýannama berdi.

ABŞ-nyň, Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremesine uly alada bildirýändigini aýdan Salliwan, “Biz ähli taraplaýyn kömek bermäge taýar. ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden degişli edaradyr kärhanalara ýer titremesi sebäpli ähli taraplaýyn kömek berilmegi üçin görkezme berdi. Türk hökümeti bilen utgaşykly ýagdaýda mesele bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam ederis” diýdi.

 



Degişli Habarlar