Ysraýylyň Howpsyzlyk Güýçleri Jenin Bosgun Düşelgesine Operasiýa Gurady

Wakalarda 9 palestinaly ýogaldy, çagalar bilen birlikde 16 adam ýaralandy

1938204
Ysraýylyň Howpsyzlyk Güýçleri Jenin Bosgun Düşelgesine Operasiýa Gurady

Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň Günbatar Şeriadaky Jenin bosgun düşelgesine guran operasiýasynda 9 palestinaly ýogaldy, 16-sı ýaralandy.

Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri ertiriň irki sagatlarynda buldozerler bilen Jenin bosgun düşelgesine girdi.

Ysraýylly esgerler waka garşylyk görkezen palestinalylara garşy hakyky gülleler bilen gözüňi ýaşardýan gaz ulandy.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi, wakalarda 9 palestinalynyň ýogalandygyny, çagalar bilen birlikde 16 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Jenin hassahanasynyň ýolbaşçylarynyň berýän habaryna görä, ysraýylly esgerler, tiz kömek ulaglaryna od açdy we ýaralanan palestinalylaryň hassahanana gelmegini bökdedi.

Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri, operasiýanyň gözlenýän adamy saklamak üçin geçirlendigini habar berdi.

 



Degişli Habarlar