Günorta Afrikada binanyň çökmegi sebäpli bolan pajygada ýogalan adamlaryň sany artdy

Wakada ýogalan adamlaryň sanynyň 19-a ýetendigi aýan edildi

2138763
Günorta Afrikada binanyň çökmegi sebäpli bolan pajygada ýogalan adamlaryň sany artdy

Günorta Afrika Respublikasynyň Jorj şäherinde 6-njy maýda gurluşygy dowam edýän binanyň çökmegi netijesinde ýogalanlaryň sany 19 adama ýetdi.

Jorj şäheriniň häkimliginden berilen beýanatda, 81 adamyň çöken binanyň harabalygynyň aşagynda galan pajygada häzirki wagta çenli 48 adamyň çykarylandygy mälim edildi. 

Wakada ýogalan adamlaryň sanynyň 19-a ýetendigi aýan edildi. 

Wakanyň 7-nji gününde gözleg we halas ediş işleriniň arakesmesiz ýagdaýda dowam edýändigi bellenen beýanatda, ýaralanan adamlaryň 14-siniň bejergileriniň dowam edýändigi habar berildi. 



Degişli Habarlar