Russiýa: "Ukraina Belgoroda hüjüm gurady" diýdi

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi Ukrainanyň goşunynyň Belgorod şäherine guran hüjüminde 19 adamyň ýogalandygyny habar berdi

2138750
Russiýa: "Ukraina Belgoroda hüjüm gurady" diýdi

Belgorod sebitiniň häkimi Wýaçeslaw Gladkow Telegram hasabyndan beren beýanatynda, hüjümde 19 adamyň ýogalandygyny we 20 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda hem Ukrainanyň goşunynyň Belgorod şäherine garşy "terrorçylykly hüjüm" gurandygy bellendi. 

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow ýurduň Döwlet baştutany Wladimir Putine Belgorod şäherindäki ýagdaý bilen bagly maglumat berilendigini aýdan bolsa, Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa Telegram hasabyndan "hüjümiň arkasynda Kiýewiň we Günbataryň" bardygyny aýtdy. 



Degişli Habarlar