Hytaýada 5,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Hytaýyň günbataryndaky Syçuan welaýatynda 5,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1938090
Hytaýada 5,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Hytaýyň Ýer titreme torlary merkezinden berilen beýanata görä, şu gün irden güýç merkezi welaýatyň günbataryndaky Ganzy Tibet awtonom zolagynyň Luding etraby bolan 5,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy. 

Ýer titremede adam ýitgisiniň bolandygy barada maglumat berilmedi, 100 adamdan ybarat gözleg we halas ediş topary sebite ugradyldy. 

Etrabyň çäklerinde ýer süýşgünleriniň başdan geçirilýändigi habar berildi. 

Welaýatyň merkezi Çyngdu şäheriniň 230 km günbataryndaky Ludig etrabynda, 5-nji sentýabrda bolan 6,8 bal ululygyndaky ýer titremede 90-dan gowrak adam ýogalypdy, 270-den gowrak adam ýaralanypdy. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Hytaý

Degişli Habarlar