ÝB Geňeşiniň Başlygy Mişel Ukrainada Saparda Boldy

Mişel, “Şu gün size we ukrain halkyna goldaw berýändigimizi görkezmek üçin geldim” diýdi.

1935506
ÝB Geňeşiniň Başlygy Mişel Ukrainada Saparda Boldy

ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, Ukraina guran saparynyň çäginde paýtagt Kiýewde Ukrainanyň Parlamentinde çykyş etdi.

Mişel, Kiýewiň golaýynda 18-nji ýanwarda heläkçilige uçran dikuçarda Ukrainanyň İçeri işler ministri Denis Monastirskiý bilen birlikde 14 adamyň ýogalmagyna uly gynanç bildirýändigini aýtdy.

24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşiniň dowam edýändigini ýatladan Mişel, rus goşunyny Ukraianda asuda ilata garşy hüjüm guramakda günäkärledi.

Rus hüjümleriniň diňe Ukraina däli eýsem Ýewropa ýurtlaryna hem wehim salýandygyny aýdan Mişel, “Şu gün size we ukrain halkyna goldaw berýändigimizi görkezmek üçin geldim” diýdi.

“Russiýanyň Ukrainany gözegçiligi astyna almagy maksat edinýändigini aýdan Mişel “Emma ol maksadyna ýetip bilmez” diýdi.

Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýdan Mişel, ÝB hökmünde 2023-nji ýylda Ukraina jemi 18 milliard ýewrolyk malliýe kömegini berjekdiklerini ýatlatdy.

ÝB hökmünde ukrainaly 15 müň esgere harby tälimiň berilmegi boýunça kararyň kabul edilendigini aýdan Mişel, Ýewropadan Ukraina berilýän ýarag kömeginiň hem dowam edýändigine ünsi çekdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar