ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky tebigy apatlarda ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda tupan we aşa ýagan ýagyşlar sebäpli ýogalanlaryň sany 19 adama ýetdi, 8 million adamyň ýaşaýan sebitde sil apat howplary dowam edýär

1933730
ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky tebigy apatlarda ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Kaliforniýanyň Geologiýa ylmy-derňew edarasyndan berilen beýanatda, aýlag sebiti bilen birlikde ştatda takmynan 8 million adamyň ýaşaýan zolakda sil howpunyň dowam edýändigi, sebitdäki howanyň ýagdaýyna ýakyndan gözegçilik edilýändigi habar berildi. 

Beýanatda 30-njy dekabrdan bäri ştatda 400-den gowrak ýer süýşgünleriniň başdan geçirilendigi bellenip, dowam edýän çabga ýagyşlaryň ýagyş suwuna aşa doýan meýdanlarda palçykly sil apatlarynyň we harsaňlaryň döremegine sebäp bolup biljekdigine ünsler çekildi. 

Kaliforniýanyň ýerli resmileriniň we medianyň berýän habaryna görä, 27-nji dekabrdan bäri dowam edýän güýçli tupan we aşa ýagýan ýagyşlar sebäpli ýene-de 2 adamyň ýogalmagy bilen, jemi ýogalanlaryň sany 19 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar