NATO, Serbiýanyň Talabyny Kabul Etmedi

NATO, Serbiýanyň “Kosowa harby toparyň” ugradylmagy üçin beren teklibini kabul etmedi.

1929795
NATO, Serbiýanyň Talabyny Kabul Etmedi

Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, NATO-nyň, Kosowa Parahatçylyk güýjüniň (KFOR) Kosowanyň  demirgazygyna esger we howpsyzlyk güýçleriniň ugradylmagy üçin beren teklibiniň kabul edilmändigini mälim etdi.

Wuçiç, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 1244 belgili kararynyň bolsa KFOR-a Serbiýany ret etme hukugyny bermeýändigini nygtady.

Serp goşunynyň Kosowadaky serpleri goramaýa mejbur edilmegini islemeýändiklerini nygtan Wuçiç, goşunlarynyň has güýçlidigini ýatlatdy.

Serbiýa, Kosowanyň demirgazygyndaky etniki serplere uly howpyň abanýandygy sebäpli ýurduň demirgazygyna müň adamlyk harby toparyň ugradylmagy talaby bilen KFOR-a ýüz tutupdy.

Serbiýanyň talabyna Kosowa berk garşylyk görkezdi. Kosowanyň Prezidenti Wosa Osmani, “Serbiýanyn goşunynyň asla Kosowa girmejekdigini”aýypdy.

 


Etiketkalar: #Serbiýa , #NATO , #Kosowa

Degişli Habarlar