Ukrainanyň paýtagty Kiýewde partlamalar boldy

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň häkimi Witaliý Kliçko, şäherde partlamalaryň bolandygyny habar berdi

1925193
Ukrainanyň paýtagty Kiýewde partlamalar boldy

Kiýew şäheriniň häkimi Witaliý Kliçko Telegram hasabyndan beren beýanatynda: "Paýtagtda birnäçe partlama boldy" diýip mälim etdi. 

Witaliý Kliçki mundan başgada: "Kiýewde elektrik toklar kesilip biler. Telefonlara we beýleki enjamlara atym beriň. Suw alyp goýuň" diýip habar berdi. 

Kiýewiň howa giňişliginde Ukrainanyň howa goranyş ulgamlarynyň işjeň ýagdaýa getirilendigi beýan edildi. 

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Harby-howa serkerdeligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Russiýanyň harby güýçleriniň ýurda uçarmansyz howa ulaglary we raketalar bilen hüjümler gurandygyny aýan etdi. 


Etiketkalar: #partlama , #Kiýew , #Ukraina

Degişli Habarlar