Russiýada tebigy gaz geçirijisinde partlama boldy

Russiýa degişli Çuwaşiýa sebitinde Ýewropa tebigy gaz akdyrylýan geçirijide bolan partlamada 3 adam ýogaldy

1921483
Russiýada tebigy gaz geçirijisinde partlama boldy

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginden berilen beýanata görä, ýurduň gaz eksporty bilen bagly möhüm geçirijileriniň biri bolan Urengoý-Pomary-Užgorodyň Çuwaşiýa böleginde partlama boldy. 

Partlama sebäpli 3 adamyň ýogalandygy, 1 adamyň bolsa ýaralanandygy habar berildi. 

Urengoý-Pomary-Užgorod geçirijisi Ukrainanyň üstaşyr Orta we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna rus gazynyň eksport edilmegi üçin 1983-nji ýylda gurulypdy. 


Etiketkalar: #partlama , #Russiýa

Degişli Habarlar