Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde partlamalar boldy

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň häkimi Witaliý Kliçko, şu gün irden paýtagtyň käbir sebitlerinde partlamanyň sesleriniň eşidilendigini habar berdi

1920579
Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde partlamalar boldy

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň häkimi Witaliý Kliçko, Telegram hasabyndan beren beýanatynda, şäherde partlamalaryň bolandygyny belläp: "Paýtagtyň Solomýanskiý we Şewçenkiwskyi etrapçalarynda köp sanda partlamanyň sesi eşidildi" diýip mälim etdi. 

Hüjümlerde Kiýewiň tankydy infrastruktura desgalaryna zeper ýetendigini aýdan Kliçko: "Kiýewde adam pidalary bolmady. Saglygy goraýyş edarlarynyň işgärleri we halas ediş toparlar işlerini dowam etdirýär" diýip beýan etdi. 

Kiýew sebitiniň Harby dolanşygynyň başlygy Oleksiý Kuleba hem Russiýanyň harby güýçleriniň şu gün irden Kiýewe garşy uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler gurandygyny habar berdi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #partlama , #Kiýew , #Ukraina

Degişli Habarlar