Somalide 8 Million Adam Ýeterlik Iýmitlenmeýär

Gurakçylyk sebäpli azyk ýetmezçiliginiň başdan geçirilýändigi we 8 milliona golaý adamyň ýeterlik derejede iýmitlenmeýändigi bellenildi.

1918688
Somalide 8 Million Adam Ýeterlik Iýmitlenmeýär

Somalide azyk ýetmezçiligi sebäpli 8 milliona golaý adam ýeterlik iýmitlenmeýär.

BMG tarapyndan çap edilen habarnamada, Somalide gurakçylyk sebäpli 2020-njy ýyldan bäri azyk ýetmezçiliginiň başdan geçirilýändigi nygtaldy.

Habarnamada, gurakçylyk sebäpli azyk ýetmezçiliginiň başdan geçirilýändigi we 8 milliona golaý adamyň ýeterlik derejede iýmitlenmeýändigi bellenildi.

Habarnamada gurakçylyk dowam eden halatynda ýagdaýyň has-da agyrlaşjakdygy ýatladyldy.

Gurakçylyk sebäpli ýurduň günorta günbatarynda we paýtagt Mogadişunyň başda durmagynda birnäçe sebitde azyk ýetmezçiligi başdan geçirilýär.

Maldarçylyk bilen gün güzeren görýän somaliniň halkynyň esasy bölegi gurakçylyk we çaknyşyklar sebäpli ýurduny terk etdi.


Etiketkalar: #açlyk , #gurakçylyk , #Somali

Degişli Habarlar