Putin Bilen Aliýew Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

iki lider telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilşi hakynda pikir alyşdy.

1917920
Putin Bilen Aliýew Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannama görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň arasynda II Garabag söweşinden soň 2020-njy ýylyň 10-njy noýabrynda, 2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda we 2022-njiň ýylyň 31-nji oktýabrynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilşi hakynda pikir alyşdy.

Beýannamada Putin bilen Aliýewiň şeýle hem Günorta Kawkazdaky ykdysady gatnaşyklar hakynda pikir alyşandygy we guraljak saparlary ara alyp maslahatlaşandygy ýatladyldy.

 

 

 



Degişli Habarlar