Dökün Ýüklenen Ilkinji Rus Gämisi Ugrady

20 müň tonna rus döküni ýüklenen gämin Gollandiýadan ugrady

1912694
Dökün Ýüklenen Ilkinji Rus Gämisi Ugrady

BMG, Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň uzadylmagyndan soň dökün ýüklenen ilkinji rus gämisiniň Gollandiýadan ugrandygy habar berildi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stefan Dužarriç, mesele hakynda beren beýannamasynda, 20 müň tonna rus döküni ýüklenen gäminiň Gollandiýadan ugrandygyny mälim etdi.

Gäminiň Malawa gitjekdigini nygtan Dužarriç, rus döküniniň esasan Afrika ýurtlaryna ýetiriljekdigini belledi.

Dužarriç, rus dökün öndürjileriniň, 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli Ýewropada portlarynda garaşýan 260 müň tonna döküni Afrika ýurtlaryna bermeginden hoşaldygyny ýatlatdy.

Dužarriç dökün kömeginiň Afrika ýurtlary we halkara azyk howpsyzlygy taýdan möhümdigini belledi.

Prezident R. T. Erdogan, 17-nji noýabrda Türkiýäniň ýolbaşçylygynda geçirlen dört taraplaýyn gepleşikleriň netijesinde, Türkiýäniň, BMG-nyň, Russiýanyň we Ukrainanyň arasynda Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň 19-njy noýabrdan başlap 120 gün möhlet bilen uzadylandygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar