NATO Kosowa we Serbiýa çagyryş berdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Kosowanyň we Serbiýanyň hökümetlerine Kosowada dartgynlygy artdyrjak hereketlerden saklanmaklary barada çagyryş berdi

1903414
NATO Kosowa we Serbiýa çagyryş berdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Kosowanyň demirgazygynda ulaglaryň belgileri bilen bagly ýagdaý bilen ýüze çykan dartgynlyk babatynda, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç we Kosowanyň Premýer ministri Albin Kurti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Geçiren telefon söhbetdeşlikleri barada sosial media hasabyndan beýannama beren Ýens Stoltenberg: "Taraplaryň ikisinede dartgynlygy artdyrjak birtaraplaýyn häsýetdäki hereketlerden saklanmaklary barada çagyryş berdim" diýip habar berdi. 

Ýens Stoltenberg ýeke täk ýoluň diýalog ýoludygyny belläp, NATO-nyň Kosowa Parahatçylyk güýjüniň hüşgärdigini beýan etdi.

Kosowaly serbiýalylar geçen hepdäniň şenbe güni Kosowanyň guramadyr-edaralaryndaky wezipelerinden çekilendiklerini aýan edipdiler, ýekşenbe güni bolsa protest geçirilipdi. Serbiýa tarapy bolsa geçen hepde Kosowa serhedindäki Raska şäheriniň golaýynda anyklanan howa ulagynyň ýok edilendigini belläpdi, Wuçiç Serbiýadaky harby kazarmalarda içalylyk edilmegine rugsat berilmejekdigini nygtapdy. 


Etiketkalar: #Serbiýa , #Kosowa , #NATO

Degişli Habarlar