ABŞ-nyň Prezidenti Baýden, Netanýahunu Gutlady

Baýden bilen Netanýahu telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1903468
ABŞ-nyň Prezidenti Baýden, Netanýahunu Gutlady

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Ysraýylda geçirlen saýlawda üstünlik gazanan Binýamin Netanýahunu gutlady.

Ak Tamyň metbugat sekretary Žan Pýer, metbugata beren beýannamasynda, Baýden bilen Netanýahunyň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýtdy.

Pýer, Baýdeniň Netanýahuny saýlawda gazanan üstünligi we saýlawlaryň erkin we adalatly ýagdaýda geçirilmegi bilen gutlandygyny belledi.

Ak Tamyň metbugat sekretary Pýer, Baýdeniň iki ýurduň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlyga ünsi çekip, “Baýden, Ysraýylyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegine goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtady” diýdi.

Pýer, ABŞ-nyň Ysraýylda täze guruljak hökümet bilen işleşmek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryna ünsi çekdi.

Netanýahu hem Twitterden beren habarnamasynda, Baýdeniň özüne telefon edip saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlandygyny nygtady.

Netanýahu, Ysraýyla berýän goldawlary üçin Baýdene sag bolsun aýdandygyny belledi.



Degişli Habarlar