Russiýa Bilen Ukraina Ýesirlerini Çalyşdy

107 rus esgeri bilen ukrainaly 107 esger boşadyldy

1901985
Russiýa Bilen Ukraina Ýesirlerini Çalyşdy

Russiýa bilen Ukraina 24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweşde ýesir düşen esgerlerini çalyşdy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Ukraina bilen geçirlen gepleşikler netijesinde 107 rus esgeri boşadyldy.

Esgerlere degişli lukmançylyk kömeginiň berlendigi we esgerleriň Goranmak ministrligine degişli uçar bilen paýtagt Moskwa getiriljekdigi ýatladyldy.

Ukraina tarapyndan berlen beýannama hem, ýesir çalşygynyň çäginde 74-i Azowstal fabriginde söweşenler bilen birlikde ukrainaly 107 esgeriň boşadylandygy nygtaldy.

Beýannamada “Söweşde ýaralananlaryň esasy bölegini öýümize getirdik. Esasan Mariupolda we Azowstalda agyr ýaralananlary çalyşdyk” diýildi.

Russiýa bilen Ukraina soňky gezek 29-njy oktýabrda ýesirlerini çalşypdy.

Şol gün ýesir çalşygynyň çäginde Ukrainaly 52 we Russiýaly 50 esger boşadylypdy.

 



Degişli Habarlar