Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Russiýanyň harby güýçleri Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine we ýurduň beýleki käbir şäherlerine raketa hüjümlerini gurady

1899936
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Ukrainanyň Içeri işler ministriniň maslahatçysy Anton Geraşçenko Twitterden beren beýanatynda, Russiýanyň harby güýçleriniň Ukraina garşy ganatly raketalar bilen hüjüm gurandygyny belläp: "Şu gün irden Ukraina 40 rus ganatly raketa bilen hüjüm guraldy" diýip habar berdi. 

Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko hem Telegram hasabyndan beren beýannamasynda: "Kiýewiň tankydy infrastrukturasyna garşy guralan hüjümleriň netijesinde paýtagtyň käbir ýerlerinde elektrik toklar kesildi. Käbir ýerlerde suw ýok. Ähli toparlar iş alyp barýar" diýip mälim etdi. 

Ýurduň beýleki sebitlerine guralan hüjümleriň netijesinde hem esasan hem energetika we beýleki tankydy infrastrukturalara zyýan ýetendigi aýan edildi. 

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä Zaparožýe, Kriwograd, Harkow we Odessa şäherlerinde hem partlamalaryň sesi eşidildi. Ukrainaly resmiler howa goranyş ulgamlarynyň işländigini habar berdiler. 

Harkowyň häkimi Ihor Terekhow, şäheriň 2 aýry tankydy infrastrukturasynyň 2 raketa bilen nyşana alynyp hüjüm guralandygyny habar berdi. 

Russiýa 8-nji oktýabrda Kerç köprüsinde bolan partlamanyň jogapkäriniň Kiýewdigini belläp, Ukraina garşy guraýan hüjümlerini artdyrypdy. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjümler başladypdy. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar