Rus Lideri Putin, Prezident Erdogan Hakynda Öwgüli Sözler Aýtdy

“Prezident R. T. Erdogan güýçli we ygrarly lider. Türk halkynyň we Türkiýäniň bähbitlerine laýyklykda hereket edýär”

1898783
Rus Lideri Putin, Prezident Erdogan Hakynda Öwgüli Sözler Aýtdy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, “Prezident R. T. Erdogan güýçli we ygrarly lider. Türk halkynyň we Türkiýäniň bähbitlerine laýyklykda hereket edýär” diýdi.

Wladimir Putin, Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar hakynda beýannama berdi.

Beýannamasynda “Iki ýyl ozal Erdogan hakynda oňyn garaýyşlar beýan etdiňiz, şol garaýyşlaryňyz üýtgedimi? diýlen soraga jogap beren Putin, “Prezident Erdogan güýçli we ygrarly lider. Türk halkynyň, ykdysadyýetiň we Türkiýäniň bähbitlerine laýyklykda hereket edýär. Erdoganyň, energetika, TürkAkymy tebigy gaz turba geçiriji taslamasy meselesinde alyp barýan tutumynda şol ygrarlygy görmek bolýar” diýdi.

Türkiýede Ýewropaly sarp edijiler üçin gaz merkeziniň döredilmegini teklip edendiklerinine ünsi çeken Putin, “Türkiýäniň öz bähbidine laýyklykda şol teklibi kabul edendigini” nygtady.

Rus lideri Putin, özara bähbide laýyklykda Türkiýe bilen Russiýanyň syýahatçylyk, gurluşyk we oba hojalyk pudagynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini ýatlatdy.

 Putin, “Erdogan biziň bilen gepleşik etabynda hem öz ýurdunyň bähbitlerini goraýar. Türkiýe we Erdogan bu manyda ýönekeý hyzmatdaş däl. Haýsydyr bir mesele giňişleýin seljerlenden soň kararlar kabul edilýär. Bu meselede Erdogan ygrarly we ynamdar hyzmatdaş. Bu onuň esasy özboluşlylygy” diýdi.

Erdoganyň ýurdunyň bähbitlerini goraýandygyny we şol sebäpli hem Russiýa üçin howply bolmandygyny nygtan Putin, “Erdogan, hökümeti tarapyndan makul görlen kararlaryň kabul edilmegi üçin göreşýär. Biz hem kabul edilen kararlaryň biziň üçin makul bolmagy üçin göreşýäris. Iň ynjyk meseleleri hem gepleşik arkaly çözýäris. Özara gatnaşyklarymyzyň esasy özboluşylygy ynam we durnuklylykdyr” diýdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar