“NATO Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder”

Ýens Stoltenberg, Russiýanyň öňe süren “Ukrainanyň öz territoriasynda “konwensional ýarag” ulanyp biljekdigi baradaky garaýşyny kabul etmeýändiklerini belledi

1897064
“NATO Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder”

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Russiýanyň öňe süren “Ukrainanyň öz territoriasynda “konwensional ýarag” ulanyp biljekdigi baradaky garaýşyny kabul etmeýändiklerini belledi.

Ýens Stoltenberg sosial mediadan beren habarnamasynda, Ukrainanyň konwensional ýarag ulanmaga taýarlanýandygy barada Russiýanyň öňe süren garaýşy meselesinde ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin we Britaniýanyň Goranmak ministri Ben Uolles bilen pikir alyşandygyny nygtady.

“NATO-nyň ýaranlary bu garaýşy kabul etmeýär” diýen Stoltenberg, Russiýanyn şol garaşy dartgynlygy möwjetmek üçin bahana hökmünde ulanmaly däldigini ýatlatdy.

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg “NATO Ukraina goldaw bermäge dowam eder” diýdi

 


Etiketkalar: #Ukraina , #Russiýa , #NATO

Degişli Habarlar