Ukraina Içkeriýa Çeçenistan Respublikasynyň Russiýa tarapyndan basylyp alynan hökmünde ykrar etdi

Ukrainanyň Parlamenti Ýokary Rada Içkeriýa Çeçenistan Respublikasyny Russiýa tarapyndan wagtlaýyn häsýetde basylyp alynan hökmünde ykrar etdi

1894909
Ukraina Içkeriýa Çeçenistan Respublikasynyň Russiýa tarapyndan basylyp alynan hökmünde ykrar etdi

Ýokary Radanyň Maliýe, salgyt we gümrük syýasatlary komitediniň başlygynyň birinji orunbasary Ýaroslaw Železniýak, mesele bilen bagly Telegram kanalyndan ýazmaça beýannama berdi. 

Ýaroslaw Železniýak: "Ýokary Rada Içkeriýa Çeçenistan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasy tarapyndan wagtlaýyn häsýetde basylyp alynan hökmünde ykrar edilmegini we çeçen halkyna garşy edilen genosidiň ýazgarylmagyny goldady" diýip habar berdi. 

Ýaroslaw Železniýak mundan başgada ady agzalan kararnamany 287 deputatyň goldandygyny mälim etdi. 

Içkeriýa Çeçenistan Respublikasy, Demirgazyk Kawkazda 1991-nji ýylda Jahar Dudaýew tarapyndan Garaşsyzlygy yglan edilipdi. Russiýanyň 1999-2000-nji ýyllar aralygyndaky söweşinden soň, sebit Çeçenistan Respublikasy hökmünde Russiýa Federasiýasyna birikdirilipdi. 



Degişli Habarlar