ABŞ, Russiýanyň Ukraina Guran Raketa Hüjümlerini Ýazgardy

“ABŞ, Russiýanyň Ukraina guraýan raketa hüjümlerini ýazgarýar. Hüjümler Russiýanyň hüjüm ediji tutumyny görkezýär”

1894112
ABŞ, Russiýanyň Ukraina Guran Raketa Hüjümlerini Ýazgardy

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Karin Žan Pýer, Russiýanyň Ukraina guraýan raketa hüjümlerini ýazgarýandyklaryny nygtap, Ukraina berilýän harby kömegiň dowam etjekdigini belledi.

Karin Žan Pýer, Ak Tamda beren beýannamasynda, “ABŞ, Russiýanyň Ukraina guraýan raketa hüjümlerini ýazgarýar. Hüjümler Russiýanyň hüjüm ediji tutumyny görkezýär” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň, Ukrainaly kärdeşi Wladimir Zelenskiý bilen ýygy-ýygydan gepleşik geçirýändigini adan Pýer, Ukraina berilýän harby kömegiň dowam etjekdigini belledi.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiýniň “Russiýanyň Eýranda öndürlen ýaragly uçarmansyz howa ulagyny” ulanýandygy hakyndaky beýannamasy barada durup geçen Pýer, ABŞ-nyň bu meselede ozal duýduryş berendigini ýatlatdy.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi “Eýran bilen Russiýa ýarag söwdasy sebäpli sanksiýa goýmaga dowam ederis. Eýranyň Russiýa ýarag satmagyny kynlaşdyrarys” diýdi.

 

 

 

 


Etiketkalar: #ýazgarmak , #Russiýa , #Ukraina , #ABŞ

Degişli Habarlar