Ýesir çalşygynyň çäginde ukrainaly 32 esger azat edildi

Ukrainanyň Goranmak ministrligi, Russiýa tarapy bilen amala aşyrylan ýesir çalşygynyň netijesinde ukrainaly 32 esgeriň azat edilendigini habar berdi

1891671
Ýesir çalşygynyň çäginde ukrainaly 32 esger azat edildi

Ukrainanyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Biziňkiler öýünde. Ýene-de bir ýesir çalşygyny amala aşyrdyk" diýendigini mälim edýär. 

Ukrainanyň Döwlet baştutanynyň ofisiniň başlygy Andriý Ýermak Twitterden beren beýanatynda, ýesir çalşygy barada maglumat berip, ukrainaly 32 esgeri ýurda getirendiklerini habar berdi. 

Azat edilenleriň arasynda dereksiz ýiten hökmünde hasaplanylan esgerleriň hem bardygyna ünsleri çeken Ýermak: "Olar berk ýaragly çaknyşyklaryň bolan zolagyndadylar. Şol adamlaryň aglabasy dereksiz ýiten hökmünde kabul edilipdi. Raýatlarymyzy yzyna getirýäris" diýip belledi. 

Şonuň çäginde söweşde wepat bolan 62 adamyň jesediniň hem Russiýa tarapyndan Ukraina yzyna berilendigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #Ukraina , #ýesir

Degişli Habarlar