ÝB Russiýa Goýlan Sanksiýany Giňeldýär

ÝB Russiýa garşy sanksiýa sanawyna soňky döwürde Ukrainada söweşiň möwjemeginden jogapkär saýylýan 30 adamy we 7 guramany goşdy.

1889676
ÝB Russiýa Goýlan Sanksiýany Giňeldýär

ÝB Geňeşinden berilen ýazmaça beýannama görä sanksiýa sananawyna goşulanlar “Ukrainanyň 4 oblastynda galp referendum geçirenler, Russiýanyň Goranmak ministrliginiň ýokary derejeli resmileri we söweş bilen bagly galp maglumat ýaýradan ýarag öndürijisi “JSC Kalaşnikow Konsern” firmasynyn uly paýdary Alan Luşnikow, Russiýanyň Goranmak ministriniň ozalky we häzirki orunbasarlary, syýasaty öwreniji Aleksandr Dugin, aýdymçylar Ýuliýa Çiçerina we Nikolaý Rastorguýew” ýaly adamlardan ybarat.

Sanksiýa goýulan 7 guramanyň hatarynda bolsa rus ýaragly güýçlerini ýarag ýa-da söweş uçary bilen üpjün edýän goranyş firmalary, saýlawlary we sala salyşyk geçirmekden jogapkär Russiýanyň Merkezi Saýlaw Topary we rus döwletine degişli howpsuzlyk enjamlarynyn önümçiliginden jogapkär paýdarlar jemgyýeti “JSC Gosznak” bar.

Şeýlelikde ÝB jemi 1236 adama we 115 gurama sanksiýa goýdy.



Degişli Habarlar