G7-ä Girýän Ýurtlar we Ýewropa Parlamenti Ukraina Goldawyň Dowam Etjekdigini Nygtaýar

Ýewropa Parlamentiniň Başlygy Metsola Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda sözlän sözünde, Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina başladan söweşi bilen Ýewropanyň başlangyç gymmatlyklaryny nyşana alandygyny aýtdy.

1880989
G7-ä Girýän Ýurtlar we Ýewropa Parlamenti Ukraina Goldawyň Dowam Etjekdigini Nygtaýar

Metsola ÝB-niň Ukrainany goldaýandygyny beýan edip, ukrain halkyna hem alyp barýan göreşi üçin sagbolsun aýtdy.

Germaniýanyň Federal Mejlisiniň Başlygy Baerbel Bas bolsa; “Ukraina biziň goldawymyza ynansyn. Bärdäki mesele Ukrainanyň garaşsyzlygy we biziň Ýewropadaky howpsuzlyk ulgamymyz” diýdi.

ABŞ-nyň Wekiller Palatasynyň Başlygy Nensi Pelosi bolsa Russiýanyň söweş sebäpli hasabat bermelidigini beýan etdi.

Pelosi ABŞ-nyň geljekki hepdelerde Ukraina maliýe goldawyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar