ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Blinken Garaşylmadyk Ýagdaýda Ukraina Bardy

"ABŞ resmi Kiýewe goldaw bermäge dowam eder"

1877806
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Blinken Garaşylmadyk Ýagdaýda Ukraina Bardy

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý garaşylmadyk ýagdaýda ýurduna gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşdy.

Wladimir Zelenskiý, sosial mediadan beren habarnamasynda, Entoni Blinkeniň Kiýewe guraýan saparynyň, ABŞ-nyň Ukraina berýän goldawyny ýene-de bir gezek görkezýändini nygtady.

Zelenskiý, ABŞ-nyň ýurdyna ykdysady we goranyş taýdan berýän kömegine minnetdarlyk bildirdi.

Zelenskiý bilen bolan duşuşygy hakynda ýazmaça beýannama beren ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken bolsa Russiýanyň 7 aýdan bäri guraýan hüjümlerinde asuda ilatdan müňlerçe adamyň ýogalandygyny we ýaralanandygyny, ukrainaly 13 million adamyň öýlerini terk edendigini we taryhy şäherleriň haraba öwrülendigini belledi.

Ukrain güýçleriniň ýurtlarynyň azatlygy üçin söweşmäge dowam edýändigini aýdan Blinken, ABŞ-nyň resmi Kiýewe goldaw bermäge dowam etjekdigine ünsi çekdi.

ABŞ-nyň Ukraina berjek 675 million dollarlyk täze harby kömegi hakynda Ukrainanyň Prezidentine maglumat berendigini aýdan Blinken, “Ukrainanyň 18 goňşusynyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin 2,2 milliad dollaryň bujetiň bölünip berilmegi meýilleşdirilýär” diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, rus güýçleriniň hüjümlerinde ýaralanan çagalaryň bejergi alýan hassahanasyna we söweşiň başynda güýçli çaknyşyklara sahna bolan İrpin şäherine hem baryp gördi.

 

 



Degişli Habarlar