Rus Güýçleri Harkowy Bombalady

Rus güýçleriniň Ukrainanyň esasy şäherlerinden biri bolan Harkowa 2 raketa atandygy habar berildi.

1876705
Rus Güýçleri Harkowy Bombalady

Hüjümde ölen ýa-da ýaralananyň bolmandygy, işewür merkeziň agyr ýitgi çekendigi beýan edildi.

Harkowyň sebitleýin Harby dolanşygynyň Gubernatory Oleg Sinegubo sosial media hasabyndan beren ýazmaça beýanatynda rus güýçleriniň şäheriň merkezine atan raketalaryndan biriniň iki gatly işewür merkezine düşendigini, golaýdaky ulag ýuwulýan kärhanada ýangynyň bolandygyny, beýleki bir raketanyň bolsa ýola düşendigini mälim etdi.

Golaýdaky dükanlara we ulaglara zeper ýetendigini beýan eden Sinegubo, hüjümde öleniň ýa-da ýaralananyň bolmandygyny nygtady.

Ukrainanyň polis gullugy ertiriň irki sagatlarynda wakanyň bolan ýerine baryp, derňew işini geçirdi.

Rus güýçleri düýn hem Harkowa 3 hüjüm gurapdy, hüjümlerde 1 zenan ýogalypdy.

Russiýa serhedine 45 kilometr alysda ýerleşýän we ýurduň irişäherlerinden biri bolan Harkowa rus güýçleri ýygy-ýygydan hüjüm guraýar.

Hüjümler sebäpli Harkowyň ilatynyň ýarysynyň şäherde gidendigi habar berilýär.



Degişli Habarlar