Günbatar Rus Gallasynyň Elýeterliligini Çäklendirýär

Bu barasynda Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow mälim etdi.

1876586
Günbatar Rus Gallasynyň Elýeterliligini Çäklendirýär

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow günbatar ýurtlarynyň 22-nji iýulda Stambulda gol çekişilen galla geçelgesi hakyndaky ylalaşyga laýyklykda rus gallasynň we dökünleriniň dünýä bazarlaryna elýeterliligini bökdeýän sanksiýalary aýyrmandygyny aýtdy.

Lawrow paýtagt Moskwada Taýlandyň Daşary işler ministri Don Pramudwinai bilen bilelikde metbugata beýanat berdi.

Stambulda gol çekişilen galla geçelgesi hakyndaky ylalaşyga laýyklykda rus gallasynyň dünýä bazarlaryna çykarylmagy üçin BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we topary bilen işleşendiklerini nygtan Lawrow, azyk we dökün bazarlaryndaky çökgünlige Russiýanyň sebäp bolandygy hakyndaky habalary “toslama beýannamalar” hökmünde häsýetlendirdi.

Bu beýanatlarynyň tersinin hakykatdygyny beýan eden Lawrow; “Günbatarly kardeşlerimiz BMG-niň Baş sekretary tarapyndan bize söz berilen zady ýerine ýetirmeýärler. Rus gallasynyň we döküniniň dünýä bazarlaryna erkin çykarylmagyny bökdeýän logistiki sanksiýalary aýyrmaýarlar” diýdi.



Degişli Habarlar