Galla Ýüklenen Ýene-de 6 Gämi Ukrainadan Ugrady

Ukrain gallasy göz öňünde tutulşy ýaly dünýä bazarlaryna ýetirilmäge dowam edýär.

1875197
Galla Ýüklenen Ýene-de 6 Gämi Ukrainadan Ugrady

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, ukrain gallasy göz öňünde tutulşy ýaly dünýä bazarlaryna ýetirilmäge dowam edýär.

Galla ylalaşygynyň çäginde şu gün galla ýüklenen ýene-de 6 gämi Ukrainadan ugrady.

Ukrain gallasynyň Gara deňizden üstaşyr howpsyz ýagdaýda dünýä bazarlaryna ýetirilmegi üçin 22-nji iýunda Stambulda Dolmabahçe köşgünde Prezident R. T. Erdoganyň we BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň gatnaşmagynda Ukraina bilen Russiýa galla ylalaşygyny baglaşypdy.

 


Etiketkalar: #ylalaşyk , #galla , #Ukraina

Degişli Habarlar