Müsür,  Gresiýa Bilen Harby Türgenleşik Geçirýär

Türgenleşige Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Gresiýa we Kipriň grek bölegi gatnaşýar

1870623
Müsür,  Gresiýa Bilen Harby Türgenleşik Geçirýär

Müsüriň harby goşuny, Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Gresiýa we Kipriň grek bölegi bilen harby türgenleşik geçirýändiklerini habar berdi.

Müsüriň harby goşunynyň metbugat sekretary Garib Abdulhafyz, ýurtda “Hirakl-2” türgenleşiginiň başlandygyny habar berdi.

Ady agzalýan türgenleşige Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gresiýanyň we Kipriň grek böleginiň gatnaşýandygyny aýdan Abdulhafyz, ABŞ-nyň, Iordaniýanyň, Kongo Demokratik Respublikasynyň we Bahreýnin bolsa bilelikdäki harby türgenleşige synçy hökmünde gatnaşýandygyny ýatlatdy.

Abdulhafyz, ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Muhammed Nejib harby bazasynda geçirilýän harby türgenleşigiň birnäçe gün dowam etjekdigini belledi.

Abdulhafyz, türgenleşigiň, Müsüriň dost we doganlyk ýurtlar bilen edýän harby hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy maksat edinýändigine ünsi çekdi.

Ýakyn Gündogarda, täze ýyldan bäri halkara we sebitara derejesinde ýygy-ýygydan harby türgenleşikler geçirilýär.

 

 



Degişli Habarlar