Eýran ABŞ-nyň Sanksiýalaryna Degişli Gaýtawuly Görkezer

ABŞ Eýranyň nebit we nebit-himiýa önünleriniň Gündogar Aziýa eksport edilmegine goldaw berýän 6 firmany sanksiýa sanawyna goşandygyny habar beripdi.

1862531
Eýran ABŞ-nyň Sanksiýalaryna Degişli Gaýtawuly Görkezer

Eýran ABŞ-nyň ýurduň nebitine goýan goşmaça sanksiýalaryna dessine we egilşiksiz gaýtawuly görkezjekdigini, sanksiýalaryň ýurduň ykdysadyýetine hem-de söwda gatnaşyklaryna ýetirjek zyýanly täsirlerini ortadan aýyrmak üçin degişli çäreleri görjekdigini beýan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat Sekretary Narser Kenani beren ýazmaça beýannamasynda resmi Waşingtonuň Tähranyň nebit we nebit-himiýa önümleriniň söwdasyna goşant goşýan 6 firmany sanksiýa sanawyna goşmagyna reaksiýa bildirdi.

ABŞ-nyň ýadro gepleşikleriň gaýtadan başladylmagy üçin dowam edýän halkara tagallalara garamazdan ýurduň ykdysadyýetine garşy sanksiýa goýmakdan el çekmeýändigini beýan eden Kenani, täze sanksiýalaryň “Ak Tamyň sanksiýalara bolan garaşlylygynyň görkezijisidigini” nygtady.

ABŞ-nyň hökümetiniň ozalam birnäçe gezek Prezident Donald Trampyň ýokary gysyş syýasatyny netijesiz hökmünde häsýetlendirendigine garamazdan, şol syýasaty dowam etdirýändigini, hat-da ony giňeldendigine ünsi çeken Kenani; “Eýran, Ak TAmyň sanksiýalar boýunça egilşiksizligine ygrarlyk we dessine gaýtawul görkezer, sanksiýalaryň ýurduň ykdysadyýetine hem-de söwda gatnaşyklaryna ýetirjek zyýanly täsirlerini ortadan aýyrmak üçin degişli çäreleri görer” diýdi.

ABŞ-nyň Daşary işler we Gazna m inistrliklerinden düýn berilen beýannamalarda Eýranyň nebit we nebit-himiýa önünleriniň Gündogar Aziýa eksport edilmegine goldaw berýän 4 sanysy Gon-Kongda, 1 sanysy Singapurda we 1 sanysy Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän 6 firmany sanksiýa sanawyna goşandygyny habar berilipdi.

 

 



Degişli Habarlar