Russiýa 2024-nji Ýylda Halkara Kosmos Bekedi Taslamasyndan Çekiler

Russiýa özüne mahsus orbita bekedini gurar

1859714
Russiýa 2024-nji Ýylda Halkara Kosmos Bekedi Taslamasyndan Çekiler

Russiýanyň Federal Kosmos gullugynyň başlygy Ýuris Borisow, Russiýanyň 2014-nji ýyldan soň Halkara kosmos bekedi taslamasyndan çekiljekdigini habar berdi.

Borisow, paýtagt Moskwada Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň gatnaşmagynda geçirlen maslahatda, ýurdunyň Halkara kosmos bekedi taslamasynyň çäginde halkara derejesinde hyzmatdaşlyk etmäge dowam edýändigini aýtdy.

Russiýanyň ady agzalýan taslamanyň çägindäki jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmäge dowam etjekdigine ünsi çeken Borisow, “2024-nji ýyldan soň Halkara kosmos bekedi taslamasyndan çekilmek barada karar kabul edildi” diýdi.

Borisow, Russiýanyň özüne mahsus orbita bekedini gurjakdygyny nygtady.

 


Etiketkalar: #orbita , #kosmos , #Russiýa

Degişli Habarlar