Şinzo Abe Üçin 27-ni Sentýabrda Resmi Jaýlaýyş Çäresi Geçirler

Halkyň bir bölegi bilen oppozisionerler, kararyň bes edilmegi üçin kazyýete ýüz tutdy.

1858288
Şinzo Abe Üçin 27-ni Sentýabrda Resmi Jaýlaýyş Çäresi Geçirler

Janyna kast edilen Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Şinzo Abe üçin 27-nji sentýabrda resmi jaýlaýyş çäresiniň geçirilmegi barada karar kabul edildi.

Ýaponiýanyň Minisrtler kabinetiniň Baş sekretary Hirokazu Matsuno, Abe üçiin 27-nji sentýabrda paýtagtda Nippon Budokan sport zalynda resmi jaýlaýyş çäresiniň guraljakdygyny mälim etdi.

Matsuny, çärä daşary ýurtly döwlet adamlarynyň çagyryljakdygyny, çäräniň bujeti we çärä gatnaşjaklaryň sany hakynda häzirlikçe doly maglumat berip bilmejekdiklerini belledi.

Ýapon hökümetiniň Abe üçin resmi jaýlaýyş çäresiniň geçirilmegi baradaky kararyna oppozisia we halk garşylyk görkezdi.

Halkyň bir bölegi bilen oppozisionerler, kararyň bes edilmegi üçin kazyýete ýüz tutdy.

Abe, 8-nji iýulda ýurduň Nara şäherinde Liberal demokrat partiýasynyň dalaşgäriniň saýlaw kampaniýasynda çykyş edýärkä ýaragly hüjüme sezewar bolupdy.

Ýapon NHK telewideniýesi hüjümde agyr ýaralanan we hassahanada bejergi astyna alynan Abeniň ýogalandygyny habar beripdi.

Abe 12-nji iýulda Tokionyň merkezindäki ybadathanada geçirlen kiçi çäreden soň jaýlanypdy.


Etiketkalar: #Şinzo Abe , #Ýaponiýa , #Tokio

Degişli Habarlar