ABŞ-nyň Prezidenti Baýden, Yragyň Premýer-ministri Kazymi Bilen Duşuşdy

Jo Baýden Saud Arabystanynyň Jidde şäherine guraýan saparyny dowam edirýär.

1855704
ABŞ-nyň Prezidenti Baýden, Yragyň Premýer-ministri Kazymi Bilen Duşuşdy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Saud Arabystanynda Aýlag ýurtlary bilen Müsüriň, Yragyň we İordaniýanyň lideriniň gatnaşmagynda geçiriljek maslahatyň öňüsyrasynda Yragyň Premýer-ministri Mustafa Al Kazymi bilen duşuşdy.

Jo Baýden Saud Arabystanynyň Jidde şäherine guraýan saparyny dowam edirýär.

Baýden, Saud Arabystanynda Aýlag ýurtlary bilen Müsüriň, Yragyň we İordaniýanyň lideriniň gatnaşmagynda geçiriljek maslahatyň öňüsyrasynda özara duşuşyklar geçirýär.

Baýden şol çäkde Yragyň Premýer-ministri Mustafa Al Kazymi bilen duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda Strategik çarçuwa şertnamasynyň çäginde özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň möhümdigi nygtaldy.

Iki lider, terror guramasy DAEŞ-iň ýaňadandan täsiriniň güýçlenmeginiň öňüni almak üçin Yrak bilen ABŞ-nyň arasynda howpsyzlyk meselesinde edýän hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi babatynda ylalaşyk gazandy.

 

 



Degişli Habarlar