Putin Ukrainalylaryň rus raýatlygyna geçmegini ýeňilleşdirýän kararnama gol çekdi

Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ukrainada ýaşaýanlaryň rus raýatlygyna geçmegini ýeňilleşdirýän kararnama gol çekdi

1854561
Putin Ukrainalylaryň rus raýatlygyna geçmegini ýeňilleşdirýän kararnama gol çekdi

Russiýanyň Döwlet hukuk maglumatlar ulgamynda çap edilen karara görä, Wladimir Putin rus raýatlygynyň berilmegini ýeňilleşdirmegini öz düzüminde jemleýän kararnamanyň düzümini giňeltdi. 

Ady agzalanan kararnama bilen, Donetsk we Lugansk Respublikalarynda ýaşaýanlar bilen birlikde Ukrainanyň ähli sebitlerinde dowamly häsýetde ýaşaýanlar, rus raýatlygyna kabul edilmegi üçin ýeňilleşdirilen ýüz tutmak hukugyna eýe boldylar.

Putin 2019-njy ýylda gol çeken karary bilen Ukrainanyň Donetsk we Lugansk sebitlerinde ýaşaýanlaryň rus raýatlygyna geçilmegini ýeňilleşdiripdi.

25-nji maýda bolsa Ukrainanyň Herson we Zaparožýe sebitlerinde ýaşaýanlar hem şonuň çägine girizilipdi. 



Degişli Habarlar