Russiýa Bilen Hytaýy Birleşdirýän Köpri Açyldy

Amur derýasynyň üstünde gurlan 1080 metr uzynlygyndaky köprüniň gurluşygyna 2016-njy ýylyň ahyrynda başlanypdy.

1841560
Russiýa Bilen Hytaýy Birleşdirýän Köpri Açyldy

 

Russiýa bilen Hytaý Amur derýasynyň üstünde birleşdirýän we iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň pugtalanmagyna itergi bermegine garaşylýan ilkinji köpri açyldy.

Russiýanyň Blagoweşensk şäheri bilen Hytaýyň Hehe şäheriniň arasynda Amur derýasynyň üstünde gurlan 1080 metr uzynlygyndaky köprüniň gurluşygyna 2016-njy ýylyň ahyrynda başlanypdy.

Gymmaty 328 million dollara barabar bolan köprüniň gurluşygy 2 ýyl ozal tamamlanypdy, emma täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli açylşy yza süýşürlipdi.

Köprüden häzirlikçe ýük ulaglarynyň geçmegine rugsat berilýär.

Russiýanyň Wise-premýeri Ýury Trutnew köpriniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda “Bu köpri Russiýanyň we Hytaýyň halklaryny jebisleşdirjek dostluk linýasy ýagdaýyna geler” diýdi.

 


Etiketkalar: #Russiýa , #Hytaý , #köpri

Degişli Habarlar