“Ukraina Degişli 2 Dolanşyk Merkezini Bombaladyk”

Igor Konaşenkow, rus goşunlarynyň Ukraina söweşinde ýeten sepgidi hakynda maglumat berdi

1839106
“Ukraina Degişli 2 Dolanşyk Merkezini Bombaladyk”

Russiýanyň Goranmak ministrligi, Ukraina degişli 2 dolanşyk merkezini bombalandyklaryny habar berdi.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, rus goşunlarynyň Ukraina söweşinde ýeten sepgidi hakynda maglumat berdi.

Ukrainanyň Lugansk sebitinde ýerleşýän Wrubowka we Ýakolewka etraplarynda 2 ýarag ammagyny hatardan çykarandyklaryny nygtan Konaşenkow, “Raketalar bilen 2 dolanşyk merkezini nyşana aldyk” diýdi.

Soňky 24 sagatda rus howa goranyş ulgamlary arkaly Ukraina degişli 12 uçarmansyz howa ulagyny hatardan çykarandyklaryny nygtan Konaşenkow;

“Häzire çenli Ukraina degişli 190 uçary, 129 dikuçary, 1139 uçarmansyz howa ulagyny, 333 howa goranyş ulgamyny, 3 müň 443 tanky we sowutly ulagy, 478 raketany we 3 müň 464 harby ulagy hatardan çykardyk” diýdi.

Ukrainaly esgerleriň Donesk sebitinde buthanany ýakandygyny aýdan Konaşenkow, Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiniň, rus goşunlarynyň Ukrainadaky medeni mirasy bilkastlaýyn ýok edýändigi hakyndaky sözleriniň nädogrdygyny belledi.

 



Degişli Habarlar