Germaniýa: "Türkiýe ýüz öwrülmesiz bir hyzmatdaşymyzdyr" diýdi

Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok Türkiýäniň germaniýa üçin ýüz öwrülmesiz bir hyzmatdaşdygyny beýan etdi

1838863
Germaniýa: "Türkiýe ýüz öwrülmesiz bir hyzmatdaşymyzdyr" diýdi

Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok, şu gün başlajak we 10-njy iýuna çenli dowam etjek Pakistan, Gresiýa we Türkiýe ýaly ýurtlary öz içine alýan sapardan ozal ýazmaça beýanat berdi. 

"Türkiýä gurajak saparym, meni ýüz öwrülmesiz bir hyzmatdaşa we başga hiç bir ýurt bilen bolmaýan bagy bolan bir ýurda alyp barýar" diýip aýdan Berbok, Germaniýada millionlarça adamyň ýüreginiň Germaniýa we Türkiýe üçin urýandygyny habar berdi. 

Annalena Berbok: "Maňa görä bu iki ýürek uruşy, iki esse güýç manysyna gelýär" diýip nygtady. 

Ertir Pakistana sapar gurajak Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok, 8-nji iýunda Gresiýa, 9-njy iýunda bolsa Türkiýä sapar gurar. 

Türkiýede 10-njy iýuna çenli saparda boljak Berbok, kärdeşi Mewlüt Çawuşogly, raýat jemgyýetçilik we ykdysady töwerekleriň wekilleri bilen duşuşyk geçirer. 



Degişli Habarlar