Russiýa-Ukraina Söweşinde Ukrainaly 32 Žurnalist Ýogaldy

Russiýanyň başladan söweşiniň 4-nji aýynda ukrainaly 32 žurnalist ýogaldy

1838390
Russiýa-Ukraina Söweşinde Ukrainaly 32 Žurnalist Ýogaldy

Russiýanyň 24-nji fewralda başladan söweşinde häzire çenli ukrainaly 32 žurnalistiň ýogalandygy habar berildi.

Ukrainanyň Medeniýet we Maglumatlar syýasatlary ministri Aleksandr Tkaçenko, şu gün Ukrainada bellenilip geçilýän žurnalistler güni mynasibetli ýüzlenme çap etdi.

Tkaçenko, şu ýyl ýurtda žurnalistler gününiň gam-gussaly ýagdaýda bellenilip geçilýändigini, Russiýanyň başladan söweşiniň 4-nji aýynda ukrainaly 32 žurnalistiň ýogalandygyny belledi.

Soňky 8 ýylda söweşde ýogalan žurnalistleriň sanynyň has köpdügine ünsi çeken Tkaçenko, döwrümizde Ukrainadaky žurnalistleriň rolynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Tkaçenko “Maglumat frontymyň siziň bilen has güýçli” diýip belledi.

 


Etiketkalar: #Russiýa , #Ukraina , #žurnalist

Degişli Habarlar