Peskow ABŞ-nyň Ukraina beren ýaraglary barada beýannama berdi

Russiýanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Ukraina berilen ABŞ degişli ýaraglaryň Russiýanyň topraklaryna garşy ulanylan halatynda ýagdaýa umuman alanyňda ýaramaz täsir ýetirjekdigini habar berdi

1836846
Peskow ABŞ-nyň Ukraina beren ýaraglary barada beýannama berdi

Metbugat işgärlerine beren beýanatynda ABŞ-nyň Ukraina beren ýaraglarynyň üstünde durup geçen Russiýanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow: "Ukrainany iň döwrebap ýaraglar bilen doldurmaga dowam edýärler. Gipotetiki taýdan şol ýaraglary topraklarymyzdaky nyşanalara garşy ulanmaga synanyşjaklary wagt islenmeýän we gaty oňaýsyz ssenariýler barada gürrüň bermek islemeýärin. Bu ýagdaý umuman alanyňda oňaýsyz ýagdaýa tarap üýtgär" diýip belledi. 

Peskow, Ukrainany her gezeginde has hem döwrebap ýaraglar bilen üpjün etmegiň Russiýanyň ýörite harby operasiýalaryň parametrlerini üýtgetmejekdigini beýan etdi. 

Islendik ýagdaýda maksatlaryna ýetjekdiklerini aýdan Peskow, ýarag üpjünçiliginiň diňe Ukraina has köp gam-gussa getirjekdigini belledi. 

Ukrainada Donetsk we Lugansk Respublikalary bilen Herson we Zaparožýe sebitleriniň Russiýa goşulmak üçin referendum geçirilmegi üçin amatly şertleriň döremeginiň gerekdigini aýdan Peskow: "Kreml referendum barada karar kabul etmez. Şol topraklarda ýaşaýan adamlaryň öz ykballaryny özleriniň kesgitlemelidigini ençeme gezek aýdyp geçdik. Birinjisi karar şol adamlaryňky bolmalydyr. Ikinjisi bolsa elbetde şonuň üçin amatly şertleriň döremegi gerek" diýip nygtady. 

Peskow çaknyşyk şertlerinde referendum barada aýtmagyň mümkin däldigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar