Russiýanyň Ukrainadaky hüjümleri sebäpli şu günki güne çenli azyndan 243 çaga ýogaldy

Russiýanyň Ukraina garşy 24-nji fewralda başladan we häzirki wagtda hem dowam edýän hüjümlerinde, azyndan 243 çaga ýogaldy, 446 çaga bolsa ýaralandy

1836047
Russiýanyň Ukrainadaky hüjümleri sebäpli şu günki güne çenli azyndan 243 çaga ýogaldy

Ukrainanyň Baş Prokuraturasyndan berilen beýanatda, Russiýanyň goşunynyň Ukraina garşy başladan söweşiniň netijesinde azyndan 243 çaganyň ýogalandygy, 446 çaganyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Ukrainanyň Baş Prokuraturasy mundan başgada Russiýanyň hüjümlerinde Ukrainada azyndan 1 müň 937 bilim ojagyna zyýan ýetendigi we şolaryň 181-siniň dolulygyna ýumrulandygy habar berildi. 

Maglumatlaryň çürt-kesik anyk bolmandygy, wagtlaýyn häsýetde basylyp alynan we azat edilen ýerlerde hasaplama işleriň dowam edýändigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #çaga , #Ukraina

Degişli Habarlar