ABŞ: "Russiýa uzaga çekjek söweşe taýarlyk görýär" diýdi

ABŞ-nyň Milli Razwedka gullugynyň müdüri Awril Haines, Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Ukrainada uzaga çekjek söweşe taýarlyk görýändigini habar berdi

1825119
ABŞ: "Russiýa uzaga çekjek söweşe taýarlyk görýär" diýdi

ABŞ-nyň Senadynyň Ýaragly hyzmatlar komitetinde geçirilen "Dünýädäki howplar" atly maslahata gatnaşan ABŞ-nyň Milli Razwedka gullugynyň müdüri Awril Haines, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Ukraina söweşi barada maglumat berdi.

Awril Haines, Putiniň Ukrainada näme etmek isleýändigi bilen bagly soraga: "Ruslar Donbassda üstünlik gazansalar hem, bu söweşi bes etmezler. Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Ukrainada Donbassdan daşary maksatlaryna ýetmek üçin uzaga çekjek söweşe taýarlyk görýändigini pikir edýäris" diýip habar berdi.

Awril Haines Russiýanyň başdaky harby maksatlaryna ýetip bilmändigini, şol sebäpli ünsüni paýtagt Kiýewden Donbass sebitine jemländigini belläp: "Öňümizdäki 1-2 aý örän kesgitleýji bolar, ruslar harby güýçlerini Donbass sebitinde artdyrar. Putiniň strategik maksatlary üýtgemedi diýip pikir edýäris" diýip mälim etdi.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň resmileri hem Russiýanyň ýurdyň gündogarynda hüjümlerini dowam etdirýändigini aýan etdi. 


Etiketkalar: #Donbass , #Russiýa , #Ukraina , #ABŞ

Degişli Habarlar