Ukraina Ýylan Adasyny Ele Geçirip Bilmedi

Konaşenkow, rus goşunynyň Ukrainada alyp barýan söweşi hakynda maglumat berdi.

1824723
Ukraina Ýylan Adasyny Ele Geçirip Bilmedi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi İgor Konaşenkow, Ukrainanyň goşunynyň Garadeňizde Ýylan adasynyň gözegçiligini ele geçirmäge synanşandygyny aýtdy.

Konaşenkow, rus goşunynyň Ukrainada alyp barýan söweşi hakynda maglumat berdi.

Konaşenkow, iki günden bäri Kiýewiň Garadeňiziň demirgazyk günbataryny gözegçilik astyna almaga we Ýylan adasyna gury ýerden we deňizden hüjüm guramaga synanşýandygyny belledi.

Adadaky rus esgerleriniň Ukrainanyň adany ele geçirmeginiň öňüni alandygyny nygtan Konaşenkow, “Ýylan adasyna guralan hüjümler yza serpikdirildi, wakada Ukraina degişli 3 sanysy Su-24 we 1 sanysy Su-27 kysymly jemi 4 uçar bilen Mi-8 we Mi-24 kysymly dikuçarlar urlup düşürildi” diýdi.

Soňky iki günde 29 sany uçarmansyz howa ulagyny urup düşürendiklerini aýdan Konaşenkow, 8-nji maýda Ukrainanyň deňiz flodyna degişli hünärmenler bilen birlikde 3 sowutly hüjüm gämisini ýok edendiklerini nygtady.

Deňizde we kenarda Ýylan adasyny ele geçirmäge synanşan ukrainaly 50 esgeriň öldürlendigini aýdan Konaşenkow, “Häzire çenli Ukina degişli 162 uçar, 124 dikuçar, 790 uçarmansyz howa ulagy, 299 howa goranyş ulgamy, 2 müň 967 tank we sowutly ulag, 347 raketa, 2 müň 778 harby ulag hatardan çykaryldy” diýip belledi.


Etiketkalar: #söweş , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar